|
Bütin
TÜRKler
Dogandyr!
Eỳ Tańry Daglarynda dogulyp
bu dünỳède at çapdyran edermen goç ỳigit, ỳüreklerinde gopuz çalan Gorkut
Ata ruhly, bir günde döwlet ỳykyp bir gijede hanlyk guran alperen, bengü
daşlaryny ỳazdyran Bilge Hanyń agtygy, gök mawusy baỳdaklar bilen gurt
başly tuglary asmana ỳetiren mert ỳigit, gorkaklara Hytaỳ diwaryny
gurduran Mete Hanyń we olaryń köşklerini kyrk kişi bilen basyp alan
Kürşadyń neslinden gelen Beỳik TÜRK sözüm sańadyr.
Bu gün dünỳède bar bolan
birnèçe millet heniz emele gelmezden ozal, biz TÜRKler döwlet gurup, bu
dünỳèniń düzgününi goraỳardyk. Mundan müńlerçe ỳyl öń, Hunlar we
Göktürkler bilen Türk adyny bütin jahana ỳań salyp, dünỳè hèkimligine eỳe
bolupdyk. Mawy asman çadyrymyz, gün bolsa baỳdagymyz bolupdy. Güỳjümüzi
dińe bir gylyjymyzyń kesginliginden ỳa-da bilegimiziń güỳçlülüginden almaỳardyk;
mukaddes dèp-dessurlarymyz, ynanjymyz, döwletimize bolan söỳgümüz we deńi
taỳı bolmadık medeniỳetimiz bizi beỳleki milletlerden ỳokary derejede
goydy. Kaşgaryly Mahmyt Atamyzam: ″Tańrynyń döwlet güneşini Türk
gökdaşyndan doguranlygyny we olaryń üstüne asmanyń bütin şöhlesini
öwürendigini gördüm″ diỳip, Türklügiń mukaddesligini müń yyl mundan ozal
bize bildiripdi.
İkinji Göktürk Döwletinde
TÜRK neslinden bolan bütin ynsanlar bir baỳdagyń astynda jem bolupdy we
sońrasynda TÜRK güçüşleri bilen bilelikde olar dünỳèniń dürli ỳerlerine
ỳaỳramaga başladylar. Biri-birinden aỳra galan garyndaşlar aralaryndaky
uzaklyklar, Ruslaryń, Hytaỳlaryń we sansyz duşmanlaryń bizi bölmek üçin
eden oỳunlaryny hasam güỳçlendirdi. Ruslar ″Siz TÜRK dèlsińiz. Siz, Gyrgyz,
Azeri, Özbek, Gazak, Tatar…syńyz.″ diỳdiler we öńi bilen dilimizi ỳoỳdular.
Her TÜRK lehsikasy üçin özlerinden kèbir kesgitlemeler tapyp, olary aỳry-aỳry
dillere öwürdüler. Agzymyzdaky ene süỳdü ỳaly pèk bolan Türk dilimizi
bölüp, ỳygrymydan gowurak böleklere ayran Ruslar, müńlerçe ỳylyk dèp-dessurumyzy
we medeniỳetimizi hem ỳoỳmak üçin ellerinden gelenlerini gaỳgyrmadylar.
Türk halklaryna garşy
guralan bütin oỳunlar, Türklügümiziń güneşini her geçen gün soldurdy. ″İl
gider, dèp-dessury galar.″ diỳdik, emma dèp-dessurumyz hem ỳoỳuldy.
Gyrgyzystan, Özbegistan, Azerbeỳjan, Türkmenistan, Gazagystan, Tatarystan,
Gagauzỳa, Ỳakudystan, Çuwaşystan, Başkürdüstan…daky Türkleriń bir bölegi,
siz Türk dèlsińiz diỳenlere ynandylar we bular bu gün dünỳède ỳaşaỳan 300
milỳona ỳakyn nesildeşlerinden habarsyz ỳaşamaga başladylar. Bu
daşlaşmalar netijesinde Türk halklary ″daşary ỳurtlar″a öwrüldi. Emma
dogry sözi, Bilge Hanyń bengü daşlarynda gözlènler, atamyzyń 1300 ỳyl
mundan ozal aỳdan sözlerini görerdiler: ″Eỳ Türk kowmy, üstümüzdèki mawy
asman ỳere çökmese, ỳaşaỳan ỳerimiz ỳarylmasa, seniń milletińe we döp-dessuruńa
kim zeper ỳetip biler?″
Bütin aỳralyklar,
kalbymyzdaky Türklügümize bolan söygümüzi soldurmady, tersine ỳüreklerimizdèki
bu güỳçli ody has hem alawlandyrdy. 1990-ynjy ỳyllaryń başynda doganlyk
döwletlerimiziń garaşsyz bolmagy bilen, mukaddes TÜRK birligine eỳe boljak
günümiz, hyỳallarymyzy durmuşa geçirmège ỳardam etdi. Bu gün, basybalyjy
döwletleriń göz dikip seretỳèn ỳurtlarymyzy goramagyń we TÜRK adyny ỳene
müńlerçe ỳyl yaşatmak üçin gelejegiń nesillerine tabşyrmagyń ỳeketèk
yolunyń, bütin TÜRKleriń aramyzdaky mukaddes doganlyga akyl yetirmegi we
bu ugurda bireşmeklige karar bermegimiziń dogry netijedigine düşünmesidir.
Bu beỳik maksat, biz TÜRKler üçin gelejegiń açary, döwletlerimiziń
ynamlylygy üçin Türk güỳjüniń we garaşsyz bolmagynyń ilkinji èdimidir.
Türk dünỳèsi içinde ỳaşaỳan
Türkler bolup, kèbirimiz Oguz, kèbirimiz Gypjak boỳundandyrys. ″Sen
kimsiń?″ diỳip soralanynda, ″Türk men.″ diỳip jogap beripdir doganlarymyz
we ″Türkmen″ bolup galypdyr atlary. Kèbirimiz Gök Oguzlaryndan gelen ″Gagauz″
Türklerindendiris. Oguz Türkleri atlary bilen Anadola gelipdir, emma
Gyrgyz Türkleri atlary soyup iỳendikleri sebèpli atalarymyzyń ỳurdy bolan
Tańry Daglarynda galypdyrlar. Baş gurt biz, Gazak hem ỳene biz. Biz, bir
gezek ölüp, Ergenekonda müń gezek direlen Göktürklerdiris! Biz, bir
gazanda bişen aş; bir kökde ulalan goja agajyń şahalarydyrys.
Atalarymyz Altaỳlarda ỳaşap,
Ötükende söweşip; ‘Ysyk Köl’ ỳaly gymyz sagyp, Ala Daglar ỳaly et ỳygnapdyrlar.
Toỳlar gurap ata ỳurdy şowhuna öwürüpdirler. Emma wagty gelende bir gezek
ölüp, müń gezek direlmèni hem özlerine wezipe saỳypdyrlar. ″Rahat ỳerde
ỳatmak biziń üçin ejir çekmek bolmazmy./ Ganly araçèkler bize mezarystan
bolmaly.″ diỳen düşünje bilen hereket edip, demir daglary eredip,
damarymyzdaky asyl gany şu günlerimize çenli synalarynda saklamagy
başarypdyrlar.
Şu wagt, müńlerçe ỳyl gorap
bu günlere çenli saklan dèp-dessurlarymyzy, dilimizi, aslymyzy ỳagny bütin
Türkü halklara hormatymyzy geljek nesillere şol bir güỳji we pèkligi bilen
ỳetirmek üçin, bu ỳüzỳylda ỳaşaỳan Türkler bolup bizlere örèn uly
wezipeler düşỳèr. Eger bir gün Tańry Daglarynyń depesinde Oguz Hanlygynyń
otagyna girip, onuń otagynda oturan Kürşad ỳaly birnèçe èrleriń öńünde
dyza çökmèni hyỳallanỳan bolsak, atalarymyzdan miras galan gurt başly tugy
götermège mynasyp bolmalydyrys. Eger Altaỳlaryń başynda uglaỳan bir böri
ỳada ata ỳurduń üstünde perwaz eden bir bürgüt bolmak isleỳèn bolsak, öńi
bilen böri ỳaly ỳol görkeziji we bürgüt ỳaly ỳiti garaỳyşly bolmalydyrys.
Beyik Allatagalla, Türk
dünỳèsindèki doganlyk gatnaşyklarynyń güỳçlenmesini we doganlygymyzyń güỳji
bilen Türkü halklaryny sońsuza çeli gorasyn, olaryń elmydama dowam
etmegine ỳardam etsin.
Allatagalla, TÜRKi gorasyn.
|